Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň wekilleri 59-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasynda 1 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar


14.05.2025

 

Türkmenistanly mekdep okuwçylar himiýa boýunça 59-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasynda birnäçe medala mynasyp boldular. 5 — 13-nji maý aralygynda Braziliýanyň Belu-Orizonti şäherinde geçirilen halkara olimpiada dünýäniň 40 döwletinden 200-e golaý mekdep okuwçysy gatnaşdy.

12-nji maýda halkara olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Himiýa boýunça 59-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasynyň jemleri boýunça oňa gatnaşan Türkmenistanyň wekilleri 1 kümüş we 3 bürünç medaly eýelemegi başardylar.

Hususan-da, türkmenistanly mekdep okuwçylardan Rüstem Jumaýew kümüş, Aýgül Atajanowa, Diýar Döwletow we Jeren Akmyradowa dagy bürünç medal bilen sylaglandylar. Bu barada halkara olimpiadanyň guramaçylyk komiteti habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, Halkara Mendeleýew olimpiadasy himiýa dersi boýunça dünýä döwletleriniň mekdep okuwçylarynyň arasyndaky iň abraýly bäsleşikleriň biri bolup, ol 1967-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ol 2024-nji ýylda Hytaýda geçirilen bolsa, ýubileý — 60-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasyny 2026-njy ýylda Moskwa şäheri kabul eder.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn