Türkmentelekom Bot

“Belavia” ýolagçylar üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: uçuş wagtynda mugt film, oýun we audiokitaplar


14.05.2025

“Belavia” awiakompaniýasy ýolagçylaryň uçuş wagtyny gyzykly geçirmegi üçin täze, mugt multimedialy dynç alyş ulgamyny ornaşdyrdy. Film, audiokitap we oýunlara el telefony ýa-da planşet arkaly girip bolýar.

Bu ulgam “Boeing-737-800” kysymly uçarlarda hereket edýär. Onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin uçuşdan soň aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmek gerek:

  • Enjamyňyzda “uçuş tertibini” (Flight Mode) işjeňleşdiriň.

  • “Belavia” atly simsiz internet toruna (Wi-Fi) birigiň.

  • Uçarda ýerleşdirilen görkezmeden QR-kody ulanyñ ýa-da brauzerde belavia.box salgysyna girip, kontente geçiň.

Ýolagçylara belarus we daşary ýurt filmleri, teleseriallar, şowhunly gepleşikler, audiokitaplar we oýunlardan giň saýlaw hödürlenýär. Şeýle hem Beýik Watançylyk uruşyndaky Ýeňşiň ýubileýine bagyşlanan kinobestsellerler aýratyn bölümde görkezilýär.

Bu ulgamy ulanmak üçin Wi-Fi üpjün edýän enjam we gulaklyk zerur. Kontente elýeterlilik mugtdyr.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn