Türkmentelekom Bot

Raşid Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşdy


15.05.2025

13-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşdy. Duşuşyga BMG-niň ösüş ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri – Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Gazagystan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malli, Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Antje Grawe hem-de Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl dagylar gatnaşdylar.

Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda nygtalşy ýaly, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw we azyk howpsuzlygy, gender deňligi, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça köp sanly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we giňeltmek üçin meýdança öwrüldi.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly işler, 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň işi, şeýle hem şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ilkinji bilelikdäki okuw maslahaty sebitleýin utgaşygyň iş ýüzündäki mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine we mazmuna eýe bolýar. Türkmenistan sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny umumy bähbitlere gönükdirýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işlerine aýratyn üns berdiler. Bu merkez öňüni alyş diplomatiýasynyň usullaryna esaslanyp, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge we parahatçylygy gurmak gün tertibi boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga möhüm goşant goşýar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn