Türkmentelekom Bot

GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumy


16.05.2025

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Duşenbe “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyny kabul edip, dürli döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekillerini hem ýygnady.

Umumy mejlisde gutlag sözi bilen M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory B.Gutlymyradow çykyş etdi. Ondan soňra Arkalaşygyň Beýik Ýeňşe goşan goşandyna bagyşlanan bölümçe maslahatlaşmasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy bölüminiň müdiri M.Hojagulyýew özüniň ýerine ýetiren çykyşynda ähli ýurtlar, şol sanda GDA döwletleri bilen hymzatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugry baradaky temany şöhlelendirdi. Ylmyň we bilimiň ösmegine, bu babatda halkara hyzmatdaşlyga we munuň bilen bagly Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan özgerişlere aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşe goşan möhüm goşandy barada nygtaldy.

Forumyň çäklerinde Täjigistanyň Milli kitaphanasyna Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň hormatly Prezidetiniň kitap eserleri sowgat berildi.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn