Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar


19.05.2025

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 18-nji maýda öz işine başlan Bütindünýä bilim forumynyň (Education World Forum) işine gatnaşýar.

Bu forum her ýyl dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň bilim ministrlerini, olaryň orunbasarlaryny we bilim ulgamynyň beýleki ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemleýär diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Forumyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti inklýuziw, durnukly we netijeli bilim ulgamlaryny döretmek meselelerine bagyşlanan strategik sessiýa gatnaşdy. Bu sessiýada «Apple» kompaniýasynyň wekilleri sanly çözgütleriň okuw prosesine ornaşdyrylmagynyň häzirki zaman çemeleşmelerini hödürlediler. Hususan-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň mekdeplerinde planşetleriň, bilim maksatnamalarynyň we «Everyone Can Create» hem-de «Everyone Can Code» ýaly programmalaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly tejribeler tanyşdyryldy.

Sessiýada Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD-niň) bilim we başarnyklar bölüminiň direktory Andreas Şlaýheriň çykyşyna aýratyn orun berildi. Ol bilimde tehnologiýalaryň ulanylyşy boýunça halkara gözlegleriň netijelerini hödürläp, sanly gurallaryň mugallymyň işini çalyşman, eýsem, goldaýan ýagdaýynda täsirli bolýandygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, üstünlikli bilim üçin iň möhüm ölçegleriň biri – adaty okuw bilen sanly serişdeleriň arasynda deňagramlylygyň üpjün edilmegidir.

Şeýle-de A.Şlaýher okuwçylaryň başlangyç bilim başarnyklarynyň halkara PISA gözleginiň ortaça netijesi bolan 420 bala ýetirilmeginiň ýurtlar üçin ägirt uly ykdysady peýdalary berip biljekdigini belledi. Ol OECD tarapyndan geçirilen «Universal Basic Skills: What Countries Stand to Gain» atly gözlegiň maglumatlaryna salgylanyp, ähli okuwçylaryň şol derejä ýetmeginiň 2050-nji ýyla çenli käbir ýurtlaryň JIÖ-ni ýüzlerçe milliard dollara çenli artdyryp biljekdigini aýtdy.

Forumyň birinji günündäki çäreleriň çäginde türkmen wekiliýetiniň OECD-niň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda bilimiň hilini bahalandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy PISA gözleginiň maksatlarynyň «Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli döwür üçin umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» girizilendigini tassyklady. Taraplar PISA gözlegleriniň Türkmenistanda geçirilmeginiň usulyýetini öwrenmek we OECD tarapyndan usulyýet goldawyny bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.

Şeýle-de halkara «Times Higher Education» (THE) agentliginiň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu agentlik dünýä uniwersitetleriniň reýtingleri boýunça ýöriteleşendir. Duşuşykda türkmen uniwersitetleriniň halkara akademiki abraýyny ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. «THE-niň» wekilleri uniwersitetleriň ykdysadyýet we adam maýasynyň ösüşine edýän täsirleri boýunça analitik maglumatlary hödürlediler we türkmen uniwersitetleriniň halkara reýtinglerde ýerini gowulandyrmaga bagyşlanan onlaýn seminar geçirmegi teklip etdiler.

Türkmen wekiliýeti forumyň işine, şol sanda mejlis sessiýalaryna we ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmagyny dowam etdirer diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn