Türkmentelekom Bot

Türkmen halylary Tbilisidäki sergide görkezildi


25.05.2025

 

23-nji maýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Gruziýadaky ilçihanasynyň gurnamaklarynda «Ahundowyň öýi» galereýasynda türkmen hem-de azerbaýjan halylarynyň sergisiniň açyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, sergä Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Gruziýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Parlament agzalary, Tbilisi şäher häkimliginiň wekilleri, medeniýet işgärleri, KHBS wekilleri, şeýle hem Gruziýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Myhmanlara elde dokalan çeper halylar we haly önümleri, milli şaý-sepler, dürli sowgatlyk önümleri, amaly-haşam sungat eserleri, şeýle-de suratlar görkezildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky içisi D.Seýitmämmedow ýygnanlaryň öňünde çykyş edip, özünde milli aýratynlyklaryny, ruhy gymmatlyklaryny hem-de diline, sungatyna, däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüni jemleýän türkmen halysynyň türkmen halkynyň gadymy sungatydygyny belledi.

Şeýle hem däp bolşy ýaly her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän we halkyň ajaýyp medeni mirasyna, ýagny elde dokalýan halyçylyk sungatyna bolan aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde esaslandyrylan türkmen halysynyň baýramy milletiň bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy baýlygy bolan dokmaçylyk sungatynyň gadymy görnüşleriniň saklanylmagynda aýdyň mysal bolup durýandygy aýdyldy.

Ilçi bütin dünýäde ykrar edilen türkmeniň ruhy buýsanjy bolan türkmen halysynyň we türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagynyň sungatyň müdimiliginden ajaýyp nyşandygyny nygtady.

Sergä gatnaşyjylar bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň medeni mirasy, gadymy gymmatlyklary we ýurtlaryň milli sungatyny ýaýmakda, şeýle hem halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmekligi berkitmekde uly orun eýeleýändigini bellediler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn