Türkmentelekom Bot

Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler


02.06.2025

Türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 20 — 25-nji maýy aralygynda Özbegistana tanyşlyk saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerinde guraldy. Saparyň esasy maksady zeý suwlaryny arassalamak we irigasiýa (suwaryş) ulgamlarynda Gün energiýasyny peýdalanmak boýunça synag taslamasyny başlamak üçin taýýarlyk görmekden ybarat boldy diýip, GIZ guramasynyň wekili «Turkmenportala» habar berdi.

Sapara Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Ylmy-önümçilik merkeziniň hem-de Döwlet energetika institutynyň wekilleri gatnaşdy. Wekiliýet Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Garagalpagystan bölümine, Nukus şäherindäki ýaşlar tehnoparkyna, Aral deňziniň Halkara innowasion merkezine, şeýle hem Daşkentde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine we senagat kärhanalaryna baryp gördi.

Türkmen hünärmenleri suwlary bioarassalamak üçin mikrosuwotulary ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň usullary we Gün panelleriniň öndürilişi bilen tanyşdylar. Alnan bilimler Mary şäherindäki Ylym-önümçilik merkeziniň binýadynda durmuşa geçiriljek synag taslamasynda peýdalanylar. Bu taslama, 2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi, «Türkmengaz» döwlet konserni we Germaniýanyň GIZ guramasy tarapyndan baglaşylan Özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekili ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ösdürilmegi we ýurduň daşky gurşaw howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin halkara tejribe alyşmalarynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Taslama 2024 — 2028-nji ýyllary öz içine alýar we Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine hem-de ýaşyl ykdysadyýete geçmegine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn