Türkmentelekom Bot

Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar


18.06.2025

Emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde aýtdy.

«Innowasion hyzmatdaşlyk barada hem belläp geçmek isleýärin. Hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýäris. Emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sammitde eden çykyşynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu strategik wezipe Merkezi Aziýa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti 17-nji iýunda Astanada geçirildi. Şeýle formatdaky birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, HHR-iň Başlygy Si Szinpin we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn