Türkmentelekom Bot

Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär


18.06.2025

Türkmenistan Hytaý bilen söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen duşuşygynda aýdyldy.

"Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy" diýlip, habarda bellenilýär.

Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň duşuşygy Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň çäklerinde geçirildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn