Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi maslahatlaşyldy


18.06.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Gazagystanda bolan duşuşykda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny Hytaýa eksport etmek boýunça hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Bu barada TDH habar berýär.

"Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýärler" diýlip, habarda aýdylýar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşyk Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň çäklerinde geçirildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn