Türkmentelekom Bot

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň raýatlarynyň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi


18.06.2025

«Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Bu barada TDH habar berýär.

Degişli resminama Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn