Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar


28.06.2025

Türkmenistanyň wekiliýeti 25 — 27-nji iýun aralygynda Russiýanyň Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen «Sanly döwürde maglumat we aragatnaşyk: açyk we gizlin täsirler» atly VII halkara konferensiýa gatnaşdy. Bu çäre BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Hemmeler üçin maglumat» atly hökümetara maksatnamasynyň hem-de XVI Halkara IT-forumynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Telekommunikasiýalar we informatika institutyň dolandyryş we innowasion tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Esen Hojakulyýew, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Begmuhammet Meredow we Kadyr Amandurdyýew girýär.

Bu giň gerimli foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň 120-e golaý hünärmeni gatnaşdy.

Hünärmenleriň çykyşlarynyň esasy bölegi maglumat tehnologiýalarynyň häzirki zaman dünýäsi üçin täsirini seljermäge bagyşlandy. Çykyşlarda maglumat tehnologiýalaryny we emeli aň ulgamlaryny işläp düzmek, ornaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy-hukuk meseleleri, olaryň ulanylmagynyň etiki taraplary, sanly dünýäde maglumat we psihologik howpsuzlygy üpjün etmek, maglumat we aragatnaşyk ulgamyndaky özgertmeleriň döwletleriň hem-de jemgyýetleriň işine ýetirýän täsiri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, konferensiýanyň işi «Maglumat we aragatnaşyk: sanly dünýäniň kynçylyklary» we «Maglumat tehnologiýalarynyň döwründe dil we medeniýet dürlüligi» atly iki plenar mejlisi öz içine aldy.

Forumyň dowamynda «Emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Bileleşigiň çäklerinde maglumat tehnologiýalarynyň ahlak taýdan ulanylmagy» we «Mazmun döretmekde emeli aňyň ulanylmagy: kynçylyklar, mümkinçilikler we hukuk taýdan kadalaşdyrma» temaly strategik sessiýalar, şeýle hem «Ylym we bilimde emeli aň» atly bölümçe geçirildi.

Soňra forumyň wekilleri köp dilli ösüş ugrunda alnyp barylýan işlerde IT we emeli aň ulgamlarynyň orny bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylan tegelek stol duşuşygyna gatnaşdylar. Çäräniň ahyrynda «Kiberhowpsuzlyk we kibergigiýena» atly tematik çekişme geçirildi.

Konferensiýanyň gatnaşyjylary üçin gyzykly medeni we tanyşdyryş maksatnamasy taýýarlanyldy. Oňa konsertler, açyk asmanyň astyndaky etnografiýa muzeýi bolan «Torum Maa» gezelenç hem-de täsirli deňiz gezelenji girýär diýip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn