Arkadag şäherinde "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan 5G ykjam aragatnaşyk tehnologiýasy işe girizdi. Ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler Hytaý Halk Respublikasynyň Huawei kompaniýasy bilen bilelikde geçirildi.
Mundan ozal şu ýylyň fewral aýynda şäherde 4G+ tehnologiýasy işe girizilipdi. Şondan soň has döwrebap aragatnaşyk tehnologiýasyna geçmek barada karar kabul edildi.
5G tehnologiýasy sekuntda 500 MB-den 1 GB-a çenli maglumat geçirmegiň tizligini üpjün edýär, bu bolsa öňki nesil 4G-iň mümkinçiliklerinden (sekuntda 200-250 MB) ep-esli ýokarydyr. Ýokary tizlik aragatnaşygyň hilini peseltmän bir wagtda köp sanly enjamy birikdirmäge mümkinçilik berýär.
Täze tehnologiýa şäherde dürli sanly hyzmatlaryň ösmegi üçin mümkinçilikleri açýar: uzak aralykda bilim bermek, önümçilik ugurlaryny sanly dolandyrmak, telemedisina we ýokary çözgütde ýaýlymy geçirmek.
5G torlary şeýle hem robot tehnikasynyň işini goldaýar, pudaklaryň dürli ugurlarynda robotlaşdyrylan enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Arkadagda 5G-iň ornaşdyrylmagy häzirki zaman telekommunikasiýa infrastrukturasyny döretmegiň we ýurtda sanly tehnologiýalaryň ösmeginiň maksatnamasynyň bir bölegidir.