Türkmentelekom Bot

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň aýdymçylary baýramçylyk konsertini berdiler


30.06.2025

29-njy iýunda agşam Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Konsert “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly kompozisiýa bilen açyldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň, Arkadag şäheriniň we ýurduň birleşen döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyz — halkyň ykbalyna nur-çyragymyz» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Artistler öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurtda parahatçylygyň we ylalaşygyň berk binýadyny goýan Milli Lideriň beýik işlerini wasp etdiler. Arkadag şäheriniň körpe aýdymçylarynyň, «Mukam» skripkaçylar toparynyň, «Şowhun», «Şatlyk», «Ruhubelent çagalar» tans toparlarynyň ýerine ýetiren «Biz bagtyň gujagynda» atly kompozisiýada türkmen halkynyň baý döredijiligi öz beýanyny tapdy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Gahryman Arkadagyň Türkmenistanyň halk artisti P.Amandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Kalbymda sen» atly aýdymyny dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Garaşyp ýazlaryň joşan wagtyna» atly ajaýyp aýdymynyň ilkinji gezek ýaňlanmagy bu dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterip, hemmeler üçin ajaýyp sowgat boldy.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Gahryman Serdarly bagtly halkymyz, ýaşa, ýaşa, Gahryman Arkadagymyz!» atly aýdym baýramçylyk çäresiniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn