Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy


01.07.2025

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy 2025-nji ýylyň birinji ýarym ýyly üçin pensiýa gatançlaryny tölemek döwrüniň başlandygyny telekeçilere habar berdi.

Türkmenistanyň «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda pensiýa gatançlary şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli tölenilmelidir.

Hasabat döwrüniň başlanandygy baradaky degişli bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda çap edildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn