9-njy iýulda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde aragatnaşyk we awiasiýa pudaklarynda işläp ýören tejribeli bilermenler bilen ýaş hünärmenleriň arasynda maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Çäre awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guraldy.
Duşuşykda pudagyň weteranlary öz hünär tejribeleri barada gürrüň berdiler we aragatnaşyk hem-de awiasiýa pudaklarynda köp ýylyň dowamynda alan bilimleri bilen paýlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar sanly tehnologiýalaryň ösüşi, häzirki zaman çözgütleriniň dürli ulgamlara ornaşdyrylmagy we olaryň gündelik işlere edýän täsiri barada pikir alyşdylar. Aýratyn hem häzirki şertlerde emeli aňyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Duşuşykda sesli kömekçileriň we çat-botlaryň ulanylyşyna degişli mysallar agzaldy. Bu tehnologiýalaryň diňe maglumat bermek bilen çäklenmän, maslahat beriji gurallar hökmünde hem hyzmat edýändigi bellenildi.
Telekommunikasiýa pudagynyň wekilleri sanly hyzmatlaryň peýdalary barada nygtadylar — olaryň hatarynda elektron tölegler, onlaýn söwda, uzak aralykdan bilim almak we internet sergileri bar. Bu hyzmatlar adamlaryň wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýär.