Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Estoniýanyň X-Road platformasynyň esasynda döwlet edaralarynyň arasynda elektron maglumatlary alyşmak ulgamy işe girizildi. Bu ulgam bilen 10 ministrlik we edaralar, şeýle-de 12 döwlet elektron hyzmatlary özara birikdirildi.
Taslama Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky döwlet edaralarynyň arasynda elektron maglumatlary alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak baradaky ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar. Tehniki maslahatçy hökmünde BMG-niň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara bäsleşigiň netijesinde Estoniýanyň «Nortal AS» kompaniýasy ýeňiji hökmünde saýlanyp alyndy.
X-Road platformasy «Türkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasynyň tehniki binasynda gurlup, kiberhowpsuzlyk talaplaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Maglumatlaryň howpsuz alyş-çalyşyny üpjün etmek üçin ýörite howpsuzlyk serwerleri işe girizildi we şolaryň üsti bilen 10 ministrligiň we pudaklaýyn edaralaryň ulgama birikdirilmegi bellenen tertipde amala aşyryldy.
Taslamanyň çäklerinde Aragatnaşyk ministrliginden we gatnaşýan edaralardan 75 hünärmene X-Road platformasynyň ulanylyşy we howpsuzlygy, Cisco CCNA we CCNP tor tehnologiýalary, Linux, Java hem-de Python programmirleme dilleri boýunça okuw geçirildi. Hünärmenlere degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
«Nortal» kompaniýasynyň hukukçylary döwletiň elektron hyzmatlary hödürlemek bilen baglanyşykly hukuk namalaryna seljerme geçirdiler we bu babatda degişli teklipleri taýýarladylar.
Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalyşyny ýönekeýleşdirmek, maglumatlara gije-gündiz elýeterliligi üpjün etmek hem-de ýurdumyzdaky elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem elektron resminama dolanyşygynyň giňelmegine, dolandyryş çykdajylarynyň azalmagyna we «Elektron hökümet» ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly goşant goşýar.