25.11.2025
Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
«Akorda» köşgüniň dabaralar otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti dürli ugurlara degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi.
Saparyň dowamynda gol çekilen we alşylan resminamalaryň hatarynda:
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda pensiýa üpjünçiligi babatynda maglumat aragatnaşygy hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk babatynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumy» hojalyk dolandyryş hukukly respublikan döwlet kärhanasynyň arasynda maglumat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň Milli agrar ylmy-okuw merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen «Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy» milli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen «Halkara syýahatçylyk we myhmansöýerlik» uniwersiteti täjirçilik däl paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Medeniýet komitetiniň Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Ulag babatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2026-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasy;
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «TNS-Plus» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiň arasynda Türkmenistan — Gazagystan Respublikasynyň serhet geçelgelerinde optiki-süýümli aragatnaşyk kabelini gurnamak we magistral torlary birikdirmek meýilleri hakynda Ähtnama bar.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
21.11.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11.2025
BMGÖM Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmelerini ilerletmäge ýardam edýär
13.11.2025
Türkmenistan sanly özgertmeleri ösüşiň strategiki ugry hökmünde kesgitledi
13.11.2025
Aragatnaşyk ministri: Türkmenistan startaplar we EA-işgärleri üçin merkezi döredýär
13.11.2025
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi
13.11.2025
Türkmenistan bilen Estoniýa sanly hyzmatdaşlyk barada Ähtnama baglaşdy
13.11.2025
Türkmenistanda «akylly» Arkadag şäheriniň pawiliony görkezildi
12.11.2025
Türkmenistanda pudagara gatnaşyklaryň sanlylaşdyrylmagy boýunça taslama durmuşa geçirilýär
12.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» we «ITTC — 2025» forumlary öz işine başlady
12.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmentel — 2025» we «ITTC — 2025» forumlaryna gatnaşyjylary gutlady
09.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
04.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel–2025» forumynda sanlylaşdyrma we işewürlik başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşylar
31.10.2025
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär
27.10.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
17.10.2025
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
11.10.2025
Ашхабад в фокусе инноваций - компании из 40 стран представляют прорывные решения
09.10.2025
Türkmenistan noýabrda tehnologiýa we ulag pudagynda halkara dialogyň merkezine öwrüler
09.10.2025
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy
05.10.2025
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.10.2025
Aragatnaşyk, dokma we suw hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde öňdebaryjy boldylar
04.10.2025
Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
26.09.2025
Türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler boýunça Estoniýanyň tejribesini öwrendi
27.08.2025
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy sanly özgertme boýunça okuw geçirýär
25.08.2025
Türkmen höwesjeň ýaşlarynyň 50-ä golaýy sumo boýunça robotlaryň göreşine gatnaşdy
20.08.2025
Arkadag «TIF-2025» forumynda «akylly» we ekologik taýdan arassa şäheriň nusgasy bolar
18.08.2025
Wirtual serwerleriň ätiýaçlyk göçürmeleriniň mümkinçilikleri
18.08.2025
Türkmenistanda ýaş inženerleriň arasynda bäsleşik geçirildi
28.07.2025
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
10.04.2025
Türkmenistan Duşenbede sanly aragatnaşyk boýunça geçirilen halkara foruma gatnaşdy
10.04.2025
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder