Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumat portaly işe girizildi


29.07.2024

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy işe girizildi.

Häzirki wagtda, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynda 5000 sany daşary ykdysady işine gatnaşyjylary hereket edýär hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly edaralary tarapyndan elektron görnüşde berlen we resmileşdirilen arzalaryň sany 20 000-den geçdi – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu taslamanyň utgaşdyryjysydyr. Daşary ýurt ykdysady işlerine gatnaşyjylar üçin ulgamyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portaly döredildi.

Bu mehanizm, gümrük serhedinden geçýän harytlar ýa-da ulaglar barada maglumat berenden soň, ähli ulanyjylara eksport we import amallaryny hasaba almak üçin ähli talaplary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

“Eksport-import amallary üçin ýeke penjire” ulgamynda 16 sany ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 22 sany düzüm birlikleri işleýär. Olar harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilmegi babatynda, daşary ykdysady işine gatnaşyjylara ygtyýarnamalary, güwänamalary we beýleki rugsat beriş resminamalary sanly ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşde resmileşdirme işlerini amala aşyrýarlar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn