Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy


29.07.2024

29-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi Ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

 

Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

 

Duşuşygyň barşynda häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we durmuş ugurlarynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi.

 

Özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» gepleşikleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

 

Taraplaryň umumy pikirine görä, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ýene bir ileri tutulýan ugrudyr. Şu nukdaýnazardan German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi.

 

Şeýle-de söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde we medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynda iňňän möhüm orun eýeleýän medeniýet we bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn