06.08.2024
Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çäreler dowam etdirilýär. Şü gün, 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýewiň Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň direktory Ýelena Zubar we kitaphananyň işgärleri bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Ukrainadaki Ilçihanasy eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt bäri türkmeniň beýik şahyry Magtymgulynyň adyny göterýän Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň medeni we bilim edarasyna aýratyn hormat goýýar we üns merkezinde saklaýar. Mälim bolşy ýaly, kitaphanada adybir muzeý hereket edýär. Bu ýerde beýik şahyr we onuň çuňňur pelsepewi dünýäsi, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen baglanyşygy hakykatdanam duýmak mümkinçiligi bar, sebäbi muzeýde şu ýubileý ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan üsti doldurylan türkmen halkynyň baý mirasynyň we el hünäriniň önümleriniň ajaýyp nusgalary giňden görkezilýär.
Kitaphanada görnükli şahyr Magtymguly Pyragy we onuň döredijiligi barada köp dürli edebiýatlar bar. Bu edebiýatlaryň üstüni doldurmak maksady bilen, ynha şu gün türkmen tarapy Magtymguly adyndaky kitaphana bardy we täze edebiýatlary sowgat etdi. Bu edebiýatlar Magtymguly Pyragynyň ukrain, iňlis, nemes, fransuz, ýapon, rumyn we täjik dillerindäki goşgular ýygyndysyny öz içine alýar, hem-de olar Kiýew kitaphanasy üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryndan jemlenildi. 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde neşir edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň iňlis dilindäki nusgasy bolsa kitaphananyň gymmatly hazynasyna hakyky goşant boldy.
Berlen edebiýatlaryň arasynda “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly şahyryň goşgularynyň ukrain diline terjimeleriniň doly ýygyndysy aýratyn bellärliklidir. Bu kitabyň tanyşdyryş dabarasy şu ýylyň maý aýynda geçirildi, ýöne az wagtyň geçendigine garamazdan neşir eýýäm şygyrýetçileriň arasynda meşhurlyk gazandy.
Şeýle hem, kitaphana ukrain görnükli şahyry we ýazyjysy Taras Şewçenkonyň türkmen dilindäki goşgular we poemalar ýygyndy neşiri hem gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi, hem-de bu seýilgähiň çäginde dürli ýurtlaryň nusgawy şahyrlarynyň we klassikleriniň heýkelleri oturdyldy. Şol heýkelleriň arasynda iki halkyň dostlugyny alamatlandyrýan görnükli ukrain akyldary we şahyry Grigoriý Skoworodanyň ýadygärligi hem bar.
Şeýlelikde, mümkinçilikden paýdalanyp Ilçihana tarapyndan Magtymguly Pyragynyň we Grigoriý Skoworodanyň heýkelleri, hem-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri şekillendirilen surat eserleri kitaphananyň gaznasyna sowgat edildi.
Magtymguly adyndaky kitaphananyň direktory Ý.Zubar we onuň agzybir işgärleri kitaphananyň işjeňligini ünsden düşürmeýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýdyp, kitaphananyň we muzeýiň fonduny täze edebiýatlar we täsin gymmatlyklar bilen yzygidertli doldurylýandygy, hem-de şü günki bahasyna ýetip bolmajak berlen sowgatlar üçin özleriniň çuuňur minnetdarlygyny bildirdiler.
11.10.2025
Ашхабад в фокусе инноваций - компании из 40 стран представляют прорывные решения
09.10.2025
Türkmenistan noýabrda tehnologiýa we ulag pudagynda halkara dialogyň merkezine öwrüler
09.10.2025
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy
05.10.2025
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.10.2025
Aragatnaşyk, dokma we suw hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde öňdebaryjy boldylar
04.10.2025
Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
26.09.2025
Türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler boýunça Estoniýanyň tejribesini öwrendi
27.08.2025
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy sanly özgertme boýunça okuw geçirýär
25.08.2025
Türkmen höwesjeň ýaşlarynyň 50-ä golaýy sumo boýunça robotlaryň göreşine gatnaşdy
20.08.2025
Arkadag «TIF-2025» forumynda «akylly» we ekologik taýdan arassa şäheriň nusgasy bolar
18.08.2025
Wirtual serwerleriň ätiýaçlyk göçürmeleriniň mümkinçilikleri
18.08.2025
Türkmenistanda ýaş inženerleriň arasynda bäsleşik geçirildi
28.07.2025
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
10.04.2025
Türkmenistan Duşenbede sanly aragatnaşyk boýunça geçirilen halkara foruma gatnaşdy
10.04.2025
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder
28.03.2025
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli çäre geçiriler
12.03.2025
Türkmenistanda bitum emulsiýasyny öndürmek boýunça täze tehnologiýa patentleşdirildi
07.03.2025
«Programma üpjünçiliginiň ussatlygy» atly hakaton bäsleşigi geçiriler
01.03.2025
Türkmenistan kiberhowpsuzlyk boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär
27.02.2025
Electronic service for import of radio-electronic equipment launched in Turkmenistan
26.02.2025
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrar
24.02.2025
Gazagystan Türkmenistanyň çäginden geçjek optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär
23.02.2025
Arkadag şäherine «5G» tehnologiýasy ornaşdyrylar
22.02.2025
Arkadag şäherinde «4G+» internet tehnologiýasy işe girizildi
01.02.2025
President of Turkmenistan approves digitalization of postal services through IPS system
10.01.2025
«Türkmentelekom» işewürlik we döwlet düzümleri üçin döwrebap hosting hyzmatlaryny hödürleýär
20.12.2024
Turkmenistan will host a Youth Robotic Technology Competition
19.12.2024
Arkadag şäherine täze halkara sylaglar gowşuryldy
19.12.2024
Türkmenistanda «akylly» şäher konsepsiýasy boýunça halkara maslahat geçirildi
19.12.2024
A youth robotics competition will be held in Turkmenistan
13.12.2024
«Marytelekom» WEAK-da «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly maslahat geçirildi