«ÇaparPay»: ähli tölegleriňiz üçin amatly çözgüt


02.09.2024

«ÇaparPay» mobil goşundysy häzirki wagtda Türkmenistanda tölegleri tölemegiň köpugurly çözgüdine öwrülýär.

«ÇaparPay» goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar ýol hereketiniň düzgün bozulmalarynyň jerimelerini, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini, «Belet» platformasynyň hasabyny doldurmak, şeýle-de «Älem TV» teleýaýlym hyzmatyna ýazylmak üçin tölegleri töläp bilerler. Bu amallaryň hemmesi birnäçe düwmä basmak arkaly ýerine ýetirilip, nobata durmak ýa-da bankomat gözlemek zerurlygyny aradan aýyrýar.

Hususan-da, goşundynyň Türkmenistanda içerki uçuşlar üçin awiapetekleri satyn almak funksiýasy aýratyn ähmiýetlidir. Bu mümkinçilik ýurduň içerki gatnawlaryny meýilleşdirmegi has amatly edýär we çaltlaşdyrýar.

«ÇaparPay» goşundysyny nädip ulanyp başlamaly?

Goşundyny Google Play ýa-da App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyň.

Telefon belgiňizi ýazmak arkaly hasaba giriň.

Bank kartyňyzyň hasabyny dolduryň we töleg geçirip başlaň.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn