«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Seulda geçirilýän Bütindünýä «akylly şäherler» sergisine gatnaşýar


04.09.2024

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolmak bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri Seulda geçirilýän Bütindünýä «akylly şäherler» sergisine (World Smart City Expo) gatnaşýar. 7-nji sentýabra çenli dowam etjek bu sapar Koreýa Respublikasy bilen «akylly şäherleri» ösdürmek ulgamynda, esasan hem, Arkadag şäheriniň taslamasyny optimizirlemekde tejribe alyşmaga gönükdirilendir.

Saparyň esasy maksady täze şäherde lukmançylyk klasterini durmuşa geçirmek üçin saglygy goraýyş pudagynda döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekdir.

Saparyň çäklerinde lukmançylyk enjamlaryny öndürýän koreýaly öndürijiler bilen duşuşyklary geçirmek we ýöriteleşdirilen kärhanalara baryp görmek meýilleşdirilýär. Bu türkmen hünärmenlerine lukmançylyk tehnologiýalary pudagyndaky soňky üstünlikler bilen tanyşmaga we Arkadag şäherinde ulanmagyň mümkinçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň düzüm bölegi bolan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurduň telekommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Ýerli we öýjükli aragatnaşyk, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk we hemra aragatnaşygy ýaly aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmeklige jogapkär bolup durýar.

Agentligiň wekilleriniň halkara sergisine gatnaşmagy Türkmenistanyň şäher meýilnamasy we telekommunikasiýa pudagynda innowasion çözgütleri giňden ornaşdyrmak meýlini görkezýär. Bu häzirki zaman «akylly şäheriň» nusgasy bolmagy meýilleşdirilýän täze Arkadag şäheriniň ösüşiniň çäginde has-da derwaýys bolup durýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn