Türkmenistanyň iki hassahanasynda täze kislorod stansiýasy işe girizildi


04.09.2024

Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy we kliniki merkezinde we Daşoguz welaýatyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde iki sany täze kislorod stansiýasy işe girizildi, olar ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda amala aşyrylýan üstünlikli hyzmatdaşlylygyň netijesinde gurnaldy.

ÝUNISEF tarapyndan ýakyndan goldaw bermek işi stansiýalary satyn almak, olary hassahanalara gurnamak, şeýle hem stansiýalaryň doly işlemegini, olaryň ýurdumyzyň milli saglyk ulgamyna ornaşdyrylmagyny üpjün etmek babatdaky tehniki kömegi öz içine aldy. Bu goldaw Türkmenistanda kislorod bejeriş hyzmatlaryny giňeldýär we enäniň we çaganyň saglygyny goramak işini gowulandyrmaklyga ýardam edýär – diýip, ÝUNISEF guramasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Bu goldaw ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen kislorod bejergisi boýunça bilelikde dowamly alyp barýan hyzmatdaşlygyna esaslanýar.

Kislorod dem alyş kesellerini bejermek we köp ugurlar boýunça lukmançylyk ýagdaýyny dolandyrmak, şeýle hem umumy saglyk görkezijilerini gowulandyrmak üçin juda zerur lukmançylyk serişdesidir.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea geljekde-de ÝUNISEF guramasynyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen dem alyş bejergisiniň häzirki zaman usullaryny kliniki okuw meýilnamalaryna ornaşdyrmak babatda ýakyndan hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini belledi.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn