Türkmenistanyň tehnologik uniwersiteti we Seul uniwersiteti hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär


06.09.2024

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektor G.Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri 3-nji sentýabrdan 5-nji sentýabra çenli "akylly" şäherleriň "World Smart City Expo 2024" atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda boldy. Saparyň çäginde olar Koreýanyň Sung Kýon Kwan uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.

"Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşiriniň habar berşi ýaly, taraplar ylym-bilim, tehnologiýa babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we formatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan-da, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek üçin iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Koreýanyň Sung Kýon Kwan uniwersitetiniň rektory jenap Ji-Bom Ýu türkmen uniwersitetiniň binýadynda “akylly" şäher ugry boýunça koreý merkezini döretmegi teklip etdi.

Sung Kýon Kwan uniwersiteti 1398-nji ýylda döredilip, ol Günorta Koreýanyň iň gadymy we abraýly uniwersitetlerinden biridir. Bu uniwersitet Seulda ýerleşýär we esasan himiýa inženerçiligi, maşyngurluşyk, gurluşyk we IT ýaly ugurlar boýunça dürli okuw meýilnamalaryny, gözleg mümkinçiliklerini hödürleýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn