10.09.2024
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasan-da, 11-nji sentýabrda badalga beriljek pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamagy üpjün etmek üçin pagta kabul ediş nokatlarynyň, harmanhanalaryň, kombaýnlaryň we pagta daşamak üçin ulanylýan awtoulaglaryň möwsüme doly taýýarlygyny ýene bir gezek barlamagy tabşyrdy. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda häkimler welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.
Hasabatlarda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda pagta ýygymyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatlarda pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar, pagta ýygyjy kombaýnlar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme doly taýýar edildi. Ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün etmek işleri dowam edýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinler ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär.
Häkimler ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany häkimlere şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy-da tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük azyklyk ekinlere ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygy, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň dowam edýändigi hakynda hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekip, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ünsi çekdi we bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan ekijileriň, beýleki tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň gazanylmagyny tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsüminiň hem ýetip gelendigi aýdylyp, welaýatlarda ýygyma görülýän taýýarlygy ýene-de bir gezek barlamak, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň, terezileriň, ýygymda işlediljek kombaýnlaryň we awtoulaglaryň möwsüme taýýarlygyny goşmaça gözden geçirmek tabşyryldy. Döwlet Baştutany bu işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, pudakda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň alnyp barlyşyny hem berk gözegçilikde saklamagy, maksatnama boýunça gurulmaly desgalaryň tabşyrylmaly wagtyna we hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
01.07.2025
Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy
01.07.2025
Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
30.06.2025
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň aýdymçylary baýramçylyk konsertini berdiler
30.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
29.06.2025
Türkmenistanda takmynan 150 döwlet hyzmaty onlaýn görnüşde e.gov.tm saýtynda elýeterlidir
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
29.06.2025
Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi
29.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
28.06.2025
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredilýär
27.06.2025
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
27.06.2025
Hytaýda 2025-nji ýylyň ŞHG-niň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy geçiriler
27.06.2025
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
26.06.2025
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
26.06.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
25.06.2025
Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri
25.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.06.2025
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
24.06.2025
Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar
24.06.2025
«Awtomobil ulag hyzmaty» Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik gatnawyny ýola goýar
23.06.2025
«PostShop» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyna ýeňillikli bahalary girizýär
23.06.2025
Ýaponiýa dünýäniň iň uly 256-kubitli kwant kompýuterini işe girizdi
23.06.2025
Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar
23.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady
21.06.2025
Türkmenistan bilen Hytaýyň Hebeý welaýatynyň arasynda söwda dolanyşygynyň ösüşi hasaba alyndy
21.06.2025
Eýran iki aýyň dowamynda Türkmenistandan 1 mln dollarlyk önüm import etdi
20.06.2025
Aşgabatda birnäçe awtobus ugurlary üýtgediler
20.06.2025
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 21,4 göterim ýokarlandy
20.06.2025
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Adalatçysynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi
20.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
20.06.2025
Nökerguly Atagulyýew PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
20.06.2025
Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy
19.06.2025
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
19.06.2025
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
19.06.2025
Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi
19.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi
19.06.2025
Azerbaýjan we Türkmenistan 2025-nji ýylda özara Medeniýet günlerini geçirerler
18.06.2025
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň raýatlarynyň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi
18.06.2025
Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar
18.06.2025
Aşgabatda PostShop marketpleýsiniň kompýuter tehnikasy satylýan ikinji dükany açyldy
18.06.2025
Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi maslahatlaşyldy
18.06.2025
Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
18.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatdaky mekdebe kitap sowgat berdi
17.06.2025
"Media Türkmen" habarlar agentligi Hytaý – Merkezi Aziýa ynsanperwer alyş-çalyş forumyna gatnaşdy
16.06.2025
17-nji iýunda Astanada Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet baştutanlarynyň sammiti geçiriler
16.06.2025
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara
16.06.2025
Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ÝOM-leriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi