19.09.2024
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenistanyň amala aşyrýan ähli tagallalary Agentlik bilen geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny görkezýär.
Mümkinçilikleri artdyrmak we kadalaşdyryş-utgaşdyryş işi ýaly esasy wezipeleriň durmuşa geçirilmegine garaşylýar.
18-nji sentýabrda türkmen wekiliýetiniň IAEA-nyň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.
Atom energiýasynyň lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda parahatçylykly maksatlar bilen ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda lukmançylyk, hususan-da ankologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda bilelikde ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmek üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän IAEA-nyň ImPACT maksatnamasy bellenildi. Şeýle hem IAEA bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
Çarçuwaly Maksatnamasynyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berildi.
Türkmen wekiliýetiniň Wena amala aşyran saparynyň çäginde M.Bäşimowanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen CTBTO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasynyň güýje girmeginiň hem-de parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň halkara şertnamalaryň we BMG-niň konwensiýalarynyň, şeýle hem ýaragsyzlanmak pudagyndaky köptaraplaýyn ylalaşyklaryň gatnaşyjysy bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde bu prosessleri goldamagy dowam etdirmäge çalyşýandygy nygtaldy.
Taraplar ýaşlaryň arasynda CTBTO barada habarlylygy ýokarlandyrmak, CTBTO tarapyndan guralan maslahatlara we okuwlara milli hünärmenleriň gatnaşmagy, şeýle hem tehniki goldaw bermek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
19.09.2024
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy ulag diplomatiýasy boýunça «tegelek stol» duşuşygyny geçirdi
19.09.2024
Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
19.09.2024
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
19.09.2024
19-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açylar
18.09.2024
Aşgabat Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy
18.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky çykyşy
18.09.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
18.09.2024
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
18.09.2024
Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
18.09.2024
Döwlet Baştutanymyz: Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we Germaniýanyň arasyndaky has ysnyşykly syýasat we diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler
17.09.2024
Türkmenistanyň gündogar sebitinde 19,780 tonna güýz ýeralmasy ýygnaldy
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti nemes işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdy
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşmak üçin Astana bardy
17.09.2024
Çagyryş boýunça harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak hakyndaky Permana gol çekildi
17.09.2024
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.09.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 76 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy
17.09.2024
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi
16.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
16.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
16.09.2024
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi
16.09.2024
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi
16.09.2024
Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
14.09.2024
Ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler
14.09.2024
Türkmenistan raýat awiasiýasynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýar
14.09.2024
Aşgabatda Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar
14.09.2024
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylyp ulanmaga berler
14.09.2024
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumy ornaşdyrylar
14.09.2024
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara
13.09.2024
Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi iş sapary bilen "Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna bard
13.09.2024
Aşgabatda neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreş bilen bagly brifing geçirildi
13.09.2024
Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
12.09.2024
Aşgabat Astana bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
12.09.2024
Türkmenaragatnaşyk agentligi TIF-2024 forumynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
12.09.2024
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
12.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
12.09.2024
Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar
11.09.2024
Türkmenistan we Owganystan täze demir ýol köprüsini açdylar
11.09.2024
Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze gaz gysyjy bekediň düýbi tutuldy
11.09.2024
Türkmenistan we Owganystan birnäçe energetika hem-de ulag infrastrukturasynyň gurluşygyna badalga berdi
11.09.2024
Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary
11.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
11.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşy
11.09.2024
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
11.09.2024
Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
11.09.2024
Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar
11.09.2024
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy
11.09.2024
Türkmenistan mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara ýardam bermekde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
10.09.2024
Maryda ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy maslahaty geçirildi