Serdar Berdimuhamedow German bitewüliginiň güni bilen gutlady


03.10.2024

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Olaf Şolsa we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, «Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara uly üns berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär we ösdürilýär» diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi. Şeýle-de hormatly Prezident şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Gazagystanda geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly birnäçe meseleleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, özara gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Federal Kansleri Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn