Türkmentelekom Bot

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy


08.10.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

 

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag täze şähere gelip, ilki bilen, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. "Aýratyn-da, täze kärhananyň daşky bezeginde häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary netijeli ulanylmalydyr. Şunda yşyklandyryş ulgamynyň täzeçil usullaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde haly kärhanasynyň daşky bezeginde türkmen halkynyň dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriniň ulanylmagy, şunda paýhasly pederlerimiziň aýratyn ähmiýet beren dagdan agajy, üzärlik ýa-da beýleki keramatly hasaplanýan serişdeleriň, milli keşdeçilik sungatynyň esasy nyşany bolan “goçak” nagşynyň peýdalanylmagy maksadalaýyk bolar" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we bu ugra degişli meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

 

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtlaryňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, hormatly Arkadag halyçylaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary, olaryň dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy.

 

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan seýilgähiň taslamasy, onda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän şekiller bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aýratyn-da, seýilgähiň çäklerinde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň ýaramlylyk derejesine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi adamlaryň amatly dynç alşynyň wajyp şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, aýratyn-da, gatnaw ýollarynyň çatrygynda oturdyljak özboluşly binalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigine ünsi çekdi. Şunda halkalaýyn aýlawly ýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň ýokary derejede bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde goýuljak mermer we granit daşlarynyň reňkleriniň desganyň yşyklandyryş ulgamy bilen sazlaşmalydygyny belledi hem-de bu işleriň binagärlik, ekologiýa babatda halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheriniň häzirki zaman derejesine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadag täze şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn