Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar


09.10.2024

7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşýar.

 

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

 

Sammita gatnaşyjylar kiçi we giňişleýin düzümdäki, wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda mejlisleriň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşarlar. 

 

GDA-nyň Sammitiniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyny geçirmegi meýilleşdirilýär. 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn