01.11.2024
Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu baş maksada ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Ulgama sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyryş ulgamyny ösdürmegiň, işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir. Kabul edilýän milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkara derejede-de öz aýdyň beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň durnukly ykdysady ösüşine halkara guramalar tarapyndan oňyn baha berilýär.
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplary esasynda bank hyzmatlary hem kämilleşdirilýär. Hasaplaşyklary, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak, howpsuz, tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen, elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has köp zähmeti talap edýän işler awtomatlaşdyrylyp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi, hili gowulandyrylýar. Şeýle hem milli manadymyzyň ykdysadyýetde dolanyşygy kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň bolmagy esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işlere daşary ýurt maliýe guramalary işjeň çekilýär. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetdi. Bu bolsa amala aşyrylýan pul-karz, salgyt, býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň anyk görkezijisidir. Bu ugurda gazanylan netijeleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar hem tassyklaýar.
Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.
Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
02.07.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän BSG-niň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşýar
02.07.2025
Türkmen wekiliýeti Marokko Patyşalygynda saparda boldy
02.07.2025
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt-2025” bäsleşigine arzalary kabul edip başlady
01.07.2025
Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy
01.07.2025
Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
30.06.2025
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň aýdymçylary baýramçylyk konsertini berdiler
30.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
29.06.2025
Türkmenistanda takmynan 150 döwlet hyzmaty onlaýn görnüşde e.gov.tm saýtynda elýeterlidir
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
29.06.2025
Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi
29.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
28.06.2025
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredilýär
27.06.2025
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
27.06.2025
Hytaýda 2025-nji ýylyň ŞHG-niň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy geçiriler
27.06.2025
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
26.06.2025
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
26.06.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
25.06.2025
Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri
25.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.06.2025
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
24.06.2025
Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar
24.06.2025
«Awtomobil ulag hyzmaty» Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik gatnawyny ýola goýar
23.06.2025
«PostShop» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyna ýeňillikli bahalary girizýär
23.06.2025
Ýaponiýa dünýäniň iň uly 256-kubitli kwant kompýuterini işe girizdi
23.06.2025
Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar
23.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady
21.06.2025
Türkmenistan bilen Hytaýyň Hebeý welaýatynyň arasynda söwda dolanyşygynyň ösüşi hasaba alyndy
21.06.2025
Eýran iki aýyň dowamynda Türkmenistandan 1 mln dollarlyk önüm import etdi
20.06.2025
Aşgabatda birnäçe awtobus ugurlary üýtgediler
20.06.2025
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 21,4 göterim ýokarlandy
20.06.2025
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Adalatçysynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi
20.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
20.06.2025
Nökerguly Atagulyýew PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
20.06.2025
Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy
19.06.2025
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
19.06.2025
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
19.06.2025
Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi
19.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi
19.06.2025
Azerbaýjan we Türkmenistan 2025-nji ýylda özara Medeniýet günlerini geçirerler
18.06.2025
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň raýatlarynyň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi
18.06.2025
Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar
18.06.2025
Aşgabatda PostShop marketpleýsiniň kompýuter tehnikasy satylýan ikinji dükany açyldy
18.06.2025
Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi maslahatlaşyldy
18.06.2025
Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
18.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatdaky mekdebe kitap sowgat berdi
17.06.2025
"Media Türkmen" habarlar agentligi Hytaý – Merkezi Aziýa ynsanperwer alyş-çalyş forumyna gatnaşdy