Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara dag-metallurgiýa forumyna we sergisine gatnaşdy


01.11.2024

Duşenbe şäherinde Halkara dag-metallurgiýa forumy we sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary B.Tatowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň berýän habaryna görä, B.Tatow öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda senаgatyň dürli ugurlarynda, ýagny elektroenergetika, himiýa, nebit we geohimiýa, metallurgiýa hem-de gurluşyk pudagynda gazanylan ösüşler barada belläp geçdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen we täjik kompaniýalarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň senagatyň ähli ugrularynda geljekki ösüşi gazanmak üçin giň mümkinçiliklere eýe boljakdygy nygtaldy.

Forumyň çäklerinde Täjigistanda öndürilýän harytlaryň sergisi guralyp, onda kompaniýalar özleriniň birnäçe önümçilik görnüşlerini hödürlediler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn