Bişkekde Türki döwletleriň guramasynyň täze baýdagy bilen tanyşdyryldy


08.11.2024

Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Bişkekde geçen 11-nji sammitinde guramanyň täze kabul edilen baýdagy bilen tanyşdyryldy.

«Report» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, baýdagyň gök düşeginde sekizburçluk, ýyldyzly ýarym Aý we merkezde göni şöhleli Gün şekillendirilipdir.

Gök düşek (Pantone 3125C öwüşgini) arassa asmany, parahatçylygy hem-de gülläp ösüşi, şeýle-de türki halklaryň bitewüligini şöhlelendirýär. Sekizburçluk durnuklylygyň, umumy medeni mirasa esaslanýan özara baglanyşygyň we güýjüň nyşany bolmak bilen, köpasyrlyk türki döwletliliginiň beýanydyr.

Çar ýana deň şöhle saçýan Gün türki dünýäniň has nurana we gülleýän geljege tarap ýoluny ýagtyldýan umumy gymmatlyklarydyr ynançlary bilen birlikde, ýagtylygy, aýdyňlygy we ýaşaýyş güýjüni şöhlelendirýär.

Ýarym Aý we ýyldyz türki döwletliliginiň meşhur nyşany bolup, ol Guramanyň ynamly we maksadaokgunly ruhuny beýan edýän ösüşiň, geljege hem-de öňegidişlige tarap ymtylyşyň alamatydyr.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn