Aşgabat we Tokio «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlanýar


09.11.2024

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Takesi Iwaýa bilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Ministrler iň ýokary derejedäki syýasy gepleşiklere esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek indiki syýasy geňeşmeleriň gün tertibi barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar söwda we ykdysady ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýapon kompaniýalarynyň, esasan hem, «ýaşyl» energetika, dekarbonizasiýa, gaz himiýasy ýaly ugurlarda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi. Bu babatda bilelikdäki komitetleriň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle-de söhbetdeşler Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gatnaşmagynda ýakynda geçiriljek wakalar, şol sanda türkmen wekiliýetiniň Osakada geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy barada pikir alyşdylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn