Aşgabatda mekdebe çenli bilim bermegiň innowasion usulyýetleri maslahatlaşylýar


09.11.2024

Aşgabatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iki günlük usuly maslahat geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan 183-nji çagalar bagynda guralýar.

Maslahata Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleri, ýurduň dürli sebitlerinden bilim müdirlikleriniň ýolbaşçylary hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tejribeli terbiýeçileri gatnaşýarlar. Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny ösdürmek we okuw işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar.

Maslahatyň ilkinji güni paýtagtyň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň çykyşlary we pedagoglaryň taýýarlan okuw-usuly sergisi bilen açyldy. Myhmanlar çagalar bagynyň orta we uly toparlarynda terbiýelenýän körpeler bilen geçilýän görkezme sapaklaryna gatnaşarlar. Bu ýerde sözleýşi kämilleşdirmek, bedenterbiýe hem-de çagalaryň duýgy taýdan ösüşi boýunça sapaklar alnyp barylýar.

Bu çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen işlemegiň usulyýetlerini kämilleşdirmäge hem-de bu ugurda özara tejribe alyşmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, giň dünýägaraýyşly we öwrenmäge maksada okgunly çemeleşýän bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn