09.11.2024
8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç 10 ýyl mundan ozal — 2014-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolmagynda galýan we bütin dünýäde esasy hukuklardan, resmi taýdan ykrar edilmekden mahrum bolan, millionlarça adamyň ykbalyna täsir edýän raýatsyzlygy aradan aýyrmak üçin giň halkara hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde ýola goýuldy. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu ählumumy meseläni çözmekde öňdebaryjy orny eýeleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazananlary baradaky giňişleýin syn bilen tanyşdyryldy.
Ynsanperwerligiň ýokary taglymlaryna, demokratik ösüşiň, häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan dünýäde raýatsyzlygyň soňuna çykan ýurtlaryň biri boldy. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy we Halkara Migrasiýa Guramasynyň agzasy bolan ýurdumyz bu meseläni çözmek boýunça köpugurly işleri alyp baryp, ählumumy başlangyçlarda işjeň strategik gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär. Netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde, bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýagdaýy bilen bagly meseleleri çözmekde, olaryň esasy hukuklaryny goramakda möhüm ähmiýete eýe bolan taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanda kanunçylyk ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmekde we milli kanunçylygy kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp baryldy. Ýurdumyz ynsanperwer meseleler boýunça halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň birnäçesine, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Apatridleriň statusy hakynda, Bosgunlaryň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryna goşuldy. Bu resminamalar häzirki güne çenli raýatsyzlygyň öňüni almak boýunça hukuk ulgamyndaky halkara tagallalaryň binýady bolup hyzmat edýär. Olarda bellenen kadalar milli kanunçylyga, ýagny «Bosgunlar hakynda», «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyryldy hem-de ýurdumyzyň migrasiýa işiniň hukuk binýadyny berkitdi. Şeýlelikde, Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen subut edýär hem-de bu ynsanperwer meseläni çözmäge başlangyçly çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, raýatlygy bolmadyk adamlary ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça birnäçe anyk çäreleri özünde jemleýän «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Soňky on ýylda ýurdumyzda halkara derejeli iri wekilçilikli forumlar, halkara maslahatlar we duşuşyklar guraldy, Hereketleriň ählumumy meýilnamasynyň çäklerinde giň gerimli ynsanperwerlik çäreleri geçirildi. Parasatly ata-babalarymyzyň adamkärçilik ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesi Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagtda olar Garaşsyz Watanymyzyň raýatlarynyň doly we mizemez hukuklaryna eýedirler. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1146-syna Türkmenistanyň pasportynyň gowşurylmagy ýurdumyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga mümkinçilik berdi.
Umumy pikire görä, raýatsyzlygy azaltmak we aradan aýyrmak boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli işler bu ugurda bar bolan halkara tejribäni has-da baýlaşdyrdy. Häzirki wagtda bu başlangyçlar beýleki ýurtlar üçin mynasyp nusga bolmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar hem-de öwrenilýär.
Türkmenistana BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasynyň gowşurylmagy hem raýatsyzlyk bilen bagly ählumumy meseläni çözmekde ýurdumyzyň goşandyna berlen ýokary baha boldy. Güwänamany BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela şu gün geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy. Hanym R.Menikdiwela ýurdumyzy gazanan bu üstünligi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak babatda tagallalaryna we durnukly ösüşde hiç kimiň yzda galmazlygyny üpjün etmäge üýtgewsiz ygrarly bolmagyna guramanyň ýokary baha berýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, sebitiň döwletleriniň gazanan üstünligi raýatlygy bolmadyk adamlar üçin çäreleriň toplumyndan ybaratdyr. Munuň özi geljekki nesiller üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk bilen bagly ähli meseleleri çözen dünýädäki ilkinji sebit bolup biljekdigi çaklanylýar. Raýatsyzlyga garşy göreşmek babatda tagallalar we borçnamalar BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan 14-nji oktýabrda işe goýberilen «#IBelong» başlangyjynyň anyk üstünlikleriniň esasynda Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň çäklerinde dowam etdiriler. Türkmenistanyň bu meselede hem öňdebaryjylyk görkezip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup täze bileleşige goşulandygyny bellemek gerek.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem «Dogluşyň ählumumy hasaba alnyşy: sebitiň öňdebaryjy tejribesi», «Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemegiň tertibini kämilleşdirmek», «Raýatsyzlyk we ösüş: durnukly geljegi gurmak», «Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň mümkinçiliklerini öwrenmek» atly mowzuklar boýunça pikir alyşmalar boldy.
Maslahata gatnaşyjylar «#IBelong» ählumumy başlangyjynyň üstünlikli geçirilmegine beren hemmetaraplaýyn goldawlary, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen köpugurly işleri üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, XXI asyryň möhüm ählumumy wehimleriniň biri hökmünde raýatsyzlygy aradan aýyrmakda tagallalary birleşdirmegiň hem-de bilelikdäki utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp düzmegiň wajypdygyny bellediler.
01.07.2025
Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy
01.07.2025
Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
30.06.2025
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň aýdymçylary baýramçylyk konsertini berdiler
30.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
29.06.2025
Türkmenistanda takmynan 150 döwlet hyzmaty onlaýn görnüşde e.gov.tm saýtynda elýeterlidir
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
29.06.2025
Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi
29.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
28.06.2025
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredilýär
27.06.2025
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
27.06.2025
Hytaýda 2025-nji ýylyň ŞHG-niň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy geçiriler
27.06.2025
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
26.06.2025
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
26.06.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
25.06.2025
Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri
25.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.06.2025
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
24.06.2025
Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar
24.06.2025
«Awtomobil ulag hyzmaty» Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik gatnawyny ýola goýar
23.06.2025
«PostShop» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyna ýeňillikli bahalary girizýär
23.06.2025
Ýaponiýa dünýäniň iň uly 256-kubitli kwant kompýuterini işe girizdi
23.06.2025
Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar
23.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady
21.06.2025
Türkmenistan bilen Hytaýyň Hebeý welaýatynyň arasynda söwda dolanyşygynyň ösüşi hasaba alyndy
21.06.2025
Eýran iki aýyň dowamynda Türkmenistandan 1 mln dollarlyk önüm import etdi
20.06.2025
Aşgabatda birnäçe awtobus ugurlary üýtgediler
20.06.2025
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 21,4 göterim ýokarlandy
20.06.2025
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Adalatçysynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi
20.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
20.06.2025
Nökerguly Atagulyýew PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
20.06.2025
Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy
19.06.2025
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
19.06.2025
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
19.06.2025
Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi
19.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi
19.06.2025
Azerbaýjan we Türkmenistan 2025-nji ýylda özara Medeniýet günlerini geçirerler
18.06.2025
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň raýatlarynyň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi
18.06.2025
Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar
18.06.2025
Aşgabatda PostShop marketpleýsiniň kompýuter tehnikasy satylýan ikinji dükany açyldy
18.06.2025
Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi maslahatlaşyldy
18.06.2025
Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
18.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatdaky mekdebe kitap sowgat berdi
17.06.2025
"Media Türkmen" habarlar agentligi Hytaý – Merkezi Aziýa ynsanperwer alyş-çalyş forumyna gatnaşdy
16.06.2025
17-nji iýunda Astanada Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet baştutanlarynyň sammiti geçiriler
16.06.2025
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara
16.06.2025
Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ÝOM-leriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi