Türkmentelekom Bot

«Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar gadymy Änewe baryp gördüler


14.11.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal öz işine başlady.

Medeni çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin metjidine hem baryp gördüler. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu orta asyr ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ussatlygynyň we şol döwrüň binagärlik sungatynyň ösen derejesiniň aýdyň mysalydyr. 1948-nji ýylda bolup geçen weýrançylykly ýertitreme oňa zeper ýetiripdir. Muňa garamazdan, ol bütin dünýäden zyýaratçylar üçin iň özüne çekiji ýerleriň biri bolmagynda galýar.

Myhmanlar Aşgabadyň dürli gözel ýerlerine hem aýlanyp gördüler.

Belläp geçsek, üç gün dowam etjek kinofestiwalyň çäklerinde tomaşaçylara «Aşgabat» kinoteatrynda, «Watan» we «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen filmler görkeziler.

Kinofestiwalyň ikinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly kinematografiýaçylaryň we artistleriň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklary geçiriler.

Şeýle-de «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematografiýaçylarynyň duşuşygy hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gezelenç guralar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn