Türkmentelekom Bot

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi


17.11.2024

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň nobatdaky 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy türkmen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» yglan edilmegi mynasybetli esasy çäreleriň biri boldy. 

Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederlerimiziň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine – meşhur şäherlere berilýär.

Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde Änew dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň we geçmişiň ösen medeniýetleriniň möhüm merkezleriniň biri diýlip ykrar edildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär.

Şeýlelikde, XIX asyryň aýaklarynda Änew medeniýetiniň ylmy taýdan açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin möhüm bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmek üçin hem uly ähmiýete eýe boldy.

Bu bereketli künjek milli ruhy-ahlak däplerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiren halkymyzyň baý medeni mirasyny özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerini öwrenmek, türkmen taryhçylarynyň, arheologlarynyň, medeniýetşynaslarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Mejlise gatnaşyjylar häzirki Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine haýran galýandyklaryny beýan etdiler. Ýurdumyz özüniň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyna we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerine buýsanmaga mynasypdyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Ýokary edarasynyň agzalary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen hem-de TÜRKSOÝ-yň çözgüdi boýunça Gündogaryň bu beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda bilelikdäki tagallalar bilen geçirilen çärelere ýokary baha berdiler.

Şol çäreleriň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň agza ýurtlaryň II Teatr festiwaly we onuň çäklerinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň we suratkeşleriniň forumy, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly, halkara maslahatlar, bäsleşikler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bilelikdäki konsertler bar.

Ýygnananlar medeni-ynsanperwer dialogy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, bildirilen myhmansöýerlik we bu möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Bu çäreler türki dilli halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda saldamly goşant boldy.

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen köpugurly işleri we hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna çäksiz hoşallyk sözleri beýan edildi.

Mejlisiň dowamynda guramanyň türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklaryny we taryhy-medeni mirasyny halkara derejesinde öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de gorap saklamaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça anyk çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.

Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi agza döwletlerden gelip gowşan maslahatlara we tekliplere garady we olary nazara almak bilen, geljek 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-yň Işiniň maksatnamasyny tassyklady.

Mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji jarnama gol çekildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn