Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat 16-njy noýabrda öz işini tamamlady.
Bu forum türkmen hünärmenler bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, gatnaşyklary ösdürmekde, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy.
Forumyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we olara gymmat bahaly sowgatlary hem-de diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, hünär bäsleşigi saglygy goraýyş, ylym we bilim, elektron senagaty, ulag we logistika, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ýaly ugurlar boýunça geçirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiya we informatika institutynyň talyby Baýnazar Muhammedow PECS cards adaty däl adamlara habarlaşmak üçin programma işi bilen birinjiligi eýeledi.
Emeli aň ugry boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Şatlyk Şöhradow birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin ýedi sany dürli keseller boýunça emeli aň kömegi bilen kesel anyklaýyş we saglygy dikeltmek işlerini ýerine ýetirýän programmany bäsleşige hödürledi.
Bäsleşigiň robototehnika we awtomatizasiýa ugrunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Ýazmuhammet Agamyradow keramikada we gurlyşykda ulanylýan tazeçil görnüşli 3D printer taslamasy bilen tapawutlandy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekili Alýoş Amanow plastiki zyňyndylary ýygnaýan we sanly ulgam arkaly dolandyrylýan “Akylly gämi” taslamasy bilen bäsleşikde "akylly" oba hojalyk tehnologiýalary ugry boýunça ýeňiji boldy.
"Smart City" ugrunda 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Emir Şammaýew birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin bäsleşige ýörände basyşdan elektrik toguny alýan enjamy hödürledi.
Bäsleşigiň bilim we elektron okuw ugry boýunça Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň wekili Arslan Bäşimow tebigy taryhy medeni ýadygärlikleri fotogrometriýanyň esasynda öwrenmek taslamasy bilen ýeňiji boldy.
Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Artur Bahtyýarow bäsleşigiň hyzmatlar ulgamy ugrunda «Tick» sosial ulgam we messenjer işi bilen birinjiligi eýeledi.