21.11.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi şöhratly geçmişine aýawly garaýan we nurana geljegiň binýadyny şu günden goýýan halkymyzyň jebisligini, ruhy bitewüligini aýdyň görkezdi.
Halk Maslahatynyň öňden gelýän halk häkimiýetliliginiň milli däplerine laýyklykda geçirilen mejlisinde ýetilen taryhy sepgitlere syn berlip, döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Watanymyzy has-da gülledip ösdürmäge gönükdirilen wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň agzybirligiň hem-de rowaçlyklaryň ýurduna öwrülendigini buýsanç bilen nygtady. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen berk baglan Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasy geldi. 2024-nji ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýär. Merdana, gahryman ata-babalarymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda özbaşdak, garaşsyz döwlet gurmak barada arzuw edipdirler. 33 ýyl mundan ozal Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk häzirki üstünliklerimiziň we geljekki sepgitlerimiziň sarsmaz binýadyny emele getirýär.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň ilkinji nobatdaky wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ägirt uly geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaga gönükdirilen hemmetaraplaýyn özgertmeler ugry giň halkara ykrarnama eýe boldy. Halkymyzyň irginsiz we gaýratly zähmeti esasynda ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykyp, belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, täze taryhy eýýamymyzyň gazananlary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyň netijesidir. Giň gerimli özgertmeler strategiýasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen döwrebap kärhanalary döretmäge gönükdirilendir.
Strategik ugurlar bolan ýangyç-energetika, oba hojalygy, gurluşyk-senagat pudaklaryny, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümlerini giň gerimde ösdürmek bilen bir hatarda, ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde giňden ykrar edilýän ylym-bilim ulgamyna hem uly möçberde maýa goýulýar. Saglygy goraýyş, medeniýet, sport, umuman, milletiň ruhy we beden taýdan yzygiderli ösüşine oňyn täsirini ýetirýän ugurlar durmuş ugurly döwlet syýasatynyň wajyp bölegini emele getirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow döwletli maslahatda çykyş edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça garaýyşlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, onuň mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmesidigini, ähli üstünliklerimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň ýoludygyny nygtady. “Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, Milli Liderimiz öz çykyşynda aýtdy.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, Oba milli maksatnamasynyň, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” hem-de beýlekileriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwlet gurmakda milletimiziň baý taryhy tejribesini hasaba almak bilen, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda işleýän bu ýokary wekilçilikli edara döwürleriň hem nesilleriň arasynda mizemez baglanyşygy, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine ilatyň giň gatlagynyň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň öňden gelýän halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine hem uly ähmiýet berilýär. Onuň agzalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini düşündirmek, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, goldamak boýunça uly işleri alyp barýarlar. Munuň özi jemgyýetimiziň jebisligini, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge ýardam berýär. Hut şonuň üçin-de durmuş we zähmet ýoly nusgalyk bolan parasatly ýaşulularymyza, kümüş saçly enelerimize aýratyn hormat-sarpa goýulýar.
“Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet baradaky arzuwlary bu gün doly hasyl boldy. Bize pederlerimiziň belent hem-de asylly arzuwlary hakykata öwrülen parahat, asuda, berkarar ýurtda ýaşamak we döretmek bagty miýesser etdi” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda buýsanç bilen nygtady hem-de geljekde Watanymyzy has-da özgertjek, gözelleşdirjek giň gerimli işleriň amala aşyryljakdygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň ýokary görkezijileri durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň örän netijelidigini görkezýär.
Ykdysady ösüşi ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şerti hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz ykdysady üstünliklerimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini we adam maýasyny hem-de ylmy-tehnologik ösüşleri, ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagyny, ykdysady özgertmeleriň işjeň depginini, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagy döwletimiziň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklarynyň hatarynda görkezdi. Hormatly Arkadagymyz durmuş-ykdysady ösüşiň ylym, bilim, medeniýet bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyp, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berlendigini belledi. Geljekde-de ýurdumyzda döwrebap bilim edaralaryny gurmagyň, ylmyň, innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary açylsa, ýaşlarymyz üçinem, jemgyýetimiz üçinem uly ähmiýetli bolar. Milli Liderimiz ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde durýan meseleler barada durup geçip, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy; saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy; ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek; müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygy bellenildi. Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini aýtdy. Ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerine-de uly üns berildi. Hormatly Arkadagymyz «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar. Maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berjek 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenjek, ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak ählumumy wezipe hökmünde kesgitlenildi. “Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän hem gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, geljekde-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işler barada aýratyn durup geçip, bu ýerde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şu ýylyň martynda döredilmeginiň üç ýyllygy bellenilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri Watanymyzyň bagtyýar nesilleri barada edilýän aladanyň aýdyň güwäsidir. Alyp barýan işine halkara derejede ýokary baha berilýän gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çaganyň saglygynyň dikeldilmegi Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça uly wezipeleriň möhüm ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşyp, öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Parasatly halk pähiminde aýdylyşy ýaly, “Agzybire Taňry biýr...”.
Şeýlelikde, ýokary ruhubelentlikde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň, eziz Watanymyzy ösüşiň täze sepgitlerine çykarmakda ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň aýdyň güwäsi boldy.
21.11.2024
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
21.11.2024
Türkmenistanly talyp gyz Hytaýda geçirilen ýaş alymlaryň sammitine gatnaşdy
20.11.2024
Türkmenistan we Astrahan sebiti geljek ýyl işewürlik forumyny geçirer
19.11.2024
Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler
19.11.2024
Russiýanyň saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat wekiliýeti Türkmenistanda iş saparynda bolýar
19.11.2024
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
19.11.2024
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
19.11.2024
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimleriniň amatly ulgamyny hödürleýär
19.11.2024
M. B. Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
18.11.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
18.11.2024
Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler
18.11.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
17.11.2024
Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
17.11.2024
«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi
17.11.2024
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi
16.11.2024
«Sanly çözgüt – 2024» bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy
15.11.2024
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýylda 2,5 milliondan gowrak SIM karta öndürilýär
15.11.2024
«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär
15.11.2024
Türkmenistanly talyplar Polşada geçirilen matematika bäsleşiginde 30 medal gazandylar
15.11.2024
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: gurluşyk materiallary, nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyn alyndy
15.11.2024
Aşgabatda GDA ýurtlarynyň ýol gurluşykçylarynyň Hökümetara geňeşiniň 48-nji sessiýasy öz işine başlady
15.11.2024
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlyk berkidilýär
14.11.2024
Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
14.11.2024
Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady
14.11.2024
Aşgabatda «Türkmentel-2024» Halkara sergisi açyldy
14.11.2024
Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
14.11.2024
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
14.11.2024
«Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar gadymy Änewe baryp gördüler
13.11.2024
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hakaton bäsleşigi geçirildi
13.11.2024
Türkmenistanyň topary Indoneziýada geçirilen halkara forumda özüniň ylmy oýlap tapyşyny tanyşdyrdy
13.11.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi
13.11.2024
Türkmenistanda ýaş robototehnikçileriň bäsleşigi geçiriler
13.11.2024
Aşgabatda "Magtymguly Pyragy - asyrlaryň paýhasy" atly sebitiara onlaýn-konferensiýa geçirildi
13.11.2024
«Turkish Airlines-y» saýlaň we syýahatyňyzy gijikdirmäň
13.11.2024
Türkmenistanda 13-nji noýabrda «Gorkut ata» Halkara kinoforumy başlaýar
12.11.2024
«Türkmentel – 2024»: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar
12.11.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy
12.11.2024
Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuwda geçirilýän COP29-a gatnaşýar
12.11.2024
Türkmenistanda ITTC-2024 ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça iň uly halkara maslahat geçiriler
12.11.2024
The qualifying round of the “Digital Solution 2024” competition has started in Turkmenistan
11.11.2024
Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara bäsleşigi başlady
11.11.2024
Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa gatnaşyjylara
11.11.2024
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
11.11.2024
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
10.11.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
10.11.2024
Türkmenistanyň Prezidenti güýzki bag ekiş möwsümine badalga berdi
09.11.2024
Türkmenistan — raýatsyzlygy aradan aýran ýurt
09.11.2024
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
09.11.2024
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi