06.12.2024
5-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gatnaşyjy döwletleriň «Bar bolan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek» atly maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyk Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlandy.
Türkmenistan bu maslahaty özüniň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamada başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirdi. Duşuşygyň esasy maksady dünýäde bar bolan bäş sany ýadro ýaragyndan azat zolagyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybaratdyr.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, sebitiň Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, şeýle hem ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk ugruna ýöriteleşen ýerli we daşary ýurt akademiki toparlaryň we ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň (OPANAL) Baş sekretary, şeýle hem Afrikanyň ýadro energiýasy boýunça komissiýasynyň Başlygy wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşmak üçin Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň bilermenleri Aşgabat şäherine geldiler.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşygyň ähmiýetini belledi.
Merkezi Aziýadaky zolagyň Demirgazyk ýarymşarda döredilen ilkinji ýadro ýaragyndan azat zolakdygy bellenildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy. Ýurdumyz ýaragsyzlanmagyň, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýratmazlygyň we ählumumy ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistan Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge berk ygrarlydyr.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bar bolan zolaklaryň arasynda aragatnaşygyň mümkin bolan mehanizmlerini we maglumat alyş-çalşygyny öz içine alýan netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak we berkitmek boýunça çäreler barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň halkara giňişligindäki ornuny berkitmek, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk we atom energiýasyny parahatçylykly ulanmak meselesinde jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi.
Maslahatda ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, şol sanda halkara hukugy taýdan borçlandyrylan howpsuzlyk kepillikleri bilen üpjün etmek we zolaklaryň arasyndaky özara arabaglanyşygy gowulandyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň dekabrynda Täjigistan Respublikasynyň başlyklyklyk etmeginiň çäklerinde Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak bilen Afrikanyň ýadro energiýasy boýunça komissiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamana gol çekilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Gatnaşyjylar ýadro taýdan ýaragsyzlanmak we ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk ulgamynda bar bolan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini bellediler we Ýadro ýaragyndan azat zolaklary döretmek hakyndaky Şertnamalaryň düzgünlerini doly durmuşa geçirmek we bu ugurda öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen degişli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Bu zolaklaryň ählumumy we sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky, esasan hem, halkara dartgynlylygyň ýokarlanýan döwründäki ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Ýeri gelende maslahat tamamlanandan soňrä, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak bilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň (OPANAL) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek gerek. Munuň özi ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň umumy tagallalaryny birleşdirmek ugrundaky möhüm ädimdir.
05.02.2025
Türkmenistanyň Etalon merkezi halkara akkreditasiýasyny giňeltdi
04.02.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa uçar gatnawlaryny marta çenli togtatmagyny uzaltdy
04.02.2025
Türkmenistan 3,5 müň tonna golaý özbek hurmasyny import etdi
04.02.2025
GDA-nyň Baş sekretary Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilleri bilen duşuşdy
04.02.2025
2024-nji ýylda Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň eksporty ep-esli artdy
04.02.2025
Türkmenistan bilen Gazagystanyň gümrük edaralarynyň arasynda deslapdan maglumat alyşylmaga badalga berildi
04.02.2025
Türkmenistanyň we Özbegistanyň goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürleniler
04.02.2025
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
04.02.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
04.02.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystana resmi sapar bilen bardy
03.02.2025
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Efiopiýanyň dolandyryjy partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär
03.02.2025
Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda «Dutaryň owazy» festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen duşuşyk geçirildi
03.02.2025
RF-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýada daşary ýurt raýatlaryna sim kartlaryny satmagyň täze düzgünleri barada habar berdi
03.02.2025
Eýranyň Türkmenistana eksporty 9 aýda 400 million dollardan geçdi
03.02.2025
Türkmenistanyň diplomaty Saarland federal ýerine iş saparyny amala aşyrdy
03.02.2025
«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi
03.02.2025
Arkadag şäherinde täze tehnikalar işe başlady
01.02.2025
Türkmenistanda karbamid zawotlarynyň üçüsiniň işini döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär
01.02.2025
Türkmenistanda taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek boýunça işler ýazky möwsümde dowam etdiriler
01.02.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna
01.02.2025
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda «Galkynyş» töleg ulgamy ornaşdyrylar
01.02.2025
President of Turkmenistan approves digitalization of postal services through IPS system
31.01.2025
Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhet geçelgesindäki halkara nokady täzeden işläp başlar
31.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
31.01.2025
Aşgabatda talyplara niýetlenen «Türkiye Bursları» talyp haklary maksatnamasy bilen tanyşdyryldy
30.01.2025
Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysynyň diplomatik gullugyň wekilleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy
30.01.2025
Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň wekilleri tejribe alyşmak maksady bilen Londonda saparda boldular
30.01.2025
ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy
30.01.2025
Türkmenistan we Monako diplomatiýa, medeniýet we ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
30.01.2025
Türkmenistanly mugallym Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrdy
29.01.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyzystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
29.01.2025
Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
29.01.2025
2024-nji ýylyň jemleri boýunça «Farap» gümrük nokady Türkmenistanyň iň gowy gümrükhanasy diýlip ykrar edildi
29.01.2025
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ykdysady işiniň ösüşi «Fitch Ratings» tarapyndan bahalandyryldy
29.01.2025
Türkmenistan we Gazagystan sürüjiler üçin wiza düzgünini aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar
29.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
28.01.2025
Liwiýanyň ilçihanasy türkmenistanly telekeçileri Tripolide geçiriljek 51-nji halkara ýarmarkasyna çagyrýar
28.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
28.01.2025
2024-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlandy
28.01.2025
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine Arkadag şäherinden öýler berildi
28.01.2025
Gyzylarbat pagta arassalaýjy kärhanasynda 3,2 müň tonna ýokary hilli pagta süýümi taýýarlanyldy
28.01.2025
Türkmenistan bilen Hindistan energetika we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
28.01.2025
Türkmen-ýapon DIM arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
27.01.2025
«Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Nýu-Ýork şäheriniň tomaşaçylaryna görkezildi
27.01.2025
«Türkmenistan» gazeti «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşik yglan etdi
27.01.2025
Birža söwdalarynda 18 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
27.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady
27.01.2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
25.01.2025
Mart aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
25.01.2025
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy