11.12.2024
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary goldamaga we pugtalandyrmaga çalyşmak bilen, biz jenap Žýulen de Fraýpony Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Jenap de Fraýponyň iş başarjaňlygy, ýokary şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Size biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýäris.
FILIPP,
Belgiýanyň Patyşasy.
***
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpondan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň bähbidine gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Belgiýanyň doly ygtyýarly wekili Belgiýanyň Patyşasy Filippiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ilçi döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Umumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň esasy maksatlary we wezipeleri barada gürrüň berdi. Durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi. Onuň çäklerinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk, ylmy merkezleriniň, sport we medeni maksatly desgalaryň, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy.
Türkmen-belgiýa parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklaryň giňeldilmegi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer dialogyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.
Duşuşygyň ahyrynda Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpon iki ýurduň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda hem-de dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
28.07.2025
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
10.04.2025
Türkmenistan Duşenbede sanly aragatnaşyk boýunça geçirilen halkara foruma gatnaşdy
10.04.2025
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder
07.04.2025
Türkmen mekdep okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarynda 55 medal gazandylar
07.04.2025
"Türkmentelekom" sanly hyzmatlar ulgamynda orunlaryny berkidýär
07.04.2025
Türkmenistanda ilkinji gezek: "Halkara ülňülere laýyklykda hil üpjünçiligi" atly halkara maslahat
07.04.2025
Täze bazarlara ýol açýan halkara sergi-ýarmarka
07.04.2025
Sanly.tm korporatiw poçtasyny açmak mümkinçiligi
07.04.2025
«IDEA+» agentligi daşary ýurtda okamak boýunça tölegsiz maslahat almaga çagyrýar
07.04.2025
BMG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler
07.04.2025
Walentina Matwiýenko Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere çagyryldy
07.04.2025
Türkmen-belarus parlamentara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
07.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Kambojanyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
07.04.2025
Ramzan Kadyrow Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlady
07.04.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlady
07.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady
07.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde JIÖ 6,3 göterim artdy
07.04.2025
Türkmenistanda nebit çykarmagyň meýilnamasy üç aýda 107,1 göterim ýerine ýetirildi
07.04.2025
7-nji aprelde Aşgabadyň käbir köçelerinde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler
06.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Daşkentde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasyna gatnaşýar
06.04.2025
Ukrainada okaýan türkmen talyplary Bütindünýä saglyk gününi bellediler
05.04.2025
“Goturdepenebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň Türkmenistanyň nebit önümçiligine goşandy artýar
05.04.2025
Buharestde türkmen kinosynyň günleri geçirildi
05.04.2025
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň hem-de ÝHHG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
05.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistana sapar bilen bardy
05.04.2025
"TULM" AGPJ Russiýadan Owganystana ilkinji synag multimodal konteýner otly gatnawyny gurnaýar
05.04.2025
Tramp 5 mln dollara ABŞ-nyň raýatlygyna ýol açýan “altyn karty” görkezdi
05.04.2025
Prezident: — Türkmenistan howa babatda ÝB bilen hyzmatdaşlyga taýýar
05.04.2025
“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
05.04.2025
Hytaý ABŞ-dan getirilýän harytlara garşylyklaýyn salgytlary girizýär
05.04.2025
Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitindäki ÇYKYŞY