Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy


19.12.2024

18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlary, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlary munuň aýdyň mysalydyr. Şol saparlaryň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji sapary we öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikler hem özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr bolar.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň resmi wekili bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary dowam edýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn