Türkmentelekom Bot

Daýhanbank» daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyz üçin walýuta amallaryny ýeňilleşdirdi


23.12.2024

Türkmenistanyň «Daýhanbank» Döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyz üçin täze hyzmaty hödürleýär. Indi daşary ýurtlarda bilim alýan ýa-da lukmançylyk kömegini almak üçin saparda bolýan Türkmenistanyň raýatlary milli puluny daşary ýurt walýutasyna öwrüp, «Menzilara bank» onlaýn ulgamy arkaly halkara Visa we MasterCard kartlaryny manat bilen dolduryp bilerler.

Hyzmaty almak üçin türkmen raýatlary bir gezek banka baryp, tassyklaýjy resminamalaryň asyl nusgalaryny görkezip, walýuta hasabyny açmalydyrlar. Bu hyzmatdan bankyň https://www.dayhanbank.gov.tm resmi web saýtyndaky «Onlaýn töleg geçirimleri» bölümine girip, peýdalanyp bolýar.

Bank bu hyzmatyň häzirki zaman tehnologiýa ösüşlerine laýyklykda işlenip düzülendigini we müşderiler üçin amatly bolmagy üçin niýetlenendigini nygtaýar. Jikme-jik maslahat almak üçin raýatlarymyz

«Daýhanbankyň» merkezi edarasyna ýa-da onuň şahamçalaryna şu telefonlar arkaly ýüz tutup bilerler: 38-03-57, 38-03-63, 38-03-84, 38-01-37.

Goşmaça maglumaty bankyň https://www.dayhanbank.gov.tm resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn