Türkmentelekom Bot

Gazagystan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin Türkmenistan we Russiýa bilen bilelikde ýeke-täk operator döreder


24.12.2024

Gazagystan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin Türkmenistan we Russiýa bilen bilelikde ýeke-täk operator döreder. Bu barada Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýewiň sözlerine salgylanyp, «Report» habar berdi.

«Gazagystan Türkmenistan we Russiýa bilen bilelikde ýeke-täk operator döreder hem-de ýük daşamalaryň mukdaryny häzirki 10 million tonnalygyndan 20 million tonna çenli ýokarlandyrmak üçin 50 göterime çenli nyrh arzanladyşlaryny girizer. Bu ulag geçelgesinde daşalýan ýükleriň esasy bölegi Russiýada öndürilýär we olar Pars aýlagynyň ýurtlaryna daşamak üçin niýetlenendir» diýlip, ministr M.Karabaýew.

Mundan başga-da, ol bu ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak üçin ony Russiýa, Türkmenistan we Eýran bilen bilelikde ösdürmek boýunça ýol kartasynyň hem tassyklanandygyny mälim etdi. Munuň özi ulag geçelgesiniň günlük geçirijiligini 1,5 esse artdyrmaga ýa-da ondan geçýän otlularyň günlük sanyny 23-den 33-e çenli artdyrmaga şert döreder.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn