Türkmentelekom Bot

Hytaýyñ nebit kompaniýasynyñ Türkmenistandaky şahamçasy terjimeçi wezipesine işe çagyrýar


25.12.2024

"Galkynyş" gaz käninde 2-gazy gaýtadan işleýän zawodynyñ üpjünçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek" taslamasynyñ çäklerinde Türkmenistanda iş alyp barýan Hytaýyñ milli nebitgaz korporasiýasynyñ ýanyndaky çäklendirilen jogapkärçilikli Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyñ şahmaçasy terjimeçi wezipesi barada yglan edýär.

"Нейтральный Туркменистан" gazetiniñ habar bermegine görä, dalaşgärlere aşakdaky talaplar bildirilýär:

Nebitgaz pudagy, hususan-da, gazy gaýtadan işleýän zawodlarynda gazy gaýtadan işlemek boýunça ýokary bilimi, şeýle hem 3 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi;

Hytaý, türkmen we rus dilllerini hökman bilmeli. Iñlis dilini bilmek hem artykmaçlyk hökmünde hasaplanylýar.

Nebitgaz pudagynyñ tehniki adalgalaryny bilmek, şeýle hem hytaý we rus dillerinde resminamalaryñ arhiwleşdirilmegini dolandyrmakda tejribesi bolmaly.

Iş ýeri: Mary welaýaty, Ýolöten etraby, "Galkynyş" gaz käni. Wagtlaýyn usulda işlemek.

Bildiriş çykandan soñ 10 günüñ dowamynda doly şahsy maglumatlary şu salgy boýunça ugratmaly: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 "B", 4-nji gat, Işgärler bölümi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn