Türkmentelekom Bot

Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy hytaý dilinde neşir edildi


26.12.2024

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň, döwletiň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň 40-dan gowrak diline terjime edildi. Hytaý Halk Respublikasynda çapdan çykan täze kitap bolsa şahyryň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki üçünji neşiridir. 2024-nji ýylyň noýabrynda Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat geçirilipdi.

Kitabyň terjime edilmegine gönüden-göni dahylly bolan wekiller hem tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara Hytaýdan öz wideoýüzlenmelerini ýolladylar.

Makalada Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýszýuýyň çykyşy hem getirilipdir, onda şeýle bellenilýär:

«Şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmagym maňa beýik akyldaryň watanynda gymmatly çeşmeleri gözlemäge amatly mümkinçilik boldy. Şol forumdan gelip, terjime üçin şahyryň 100 sany goşgusyny saýlap aldym. Olar mazmuny boýunça iki bölege bölünip, ilkinji 50-si Pyragynyň terjimehalyna, durmuş ýoluna degişli eserlerinden ybarat. Galan bölegini bolsa söz zergäriniň filosofik pikirlerini özünde jemleýän şygyrlar düzýär. Bu eserler arkaly okyjylar şahyryň öz ýurduna näderejede gadyr goýandygyna akyl ýetirip bilerler. Olarda türkmen topragynyň gözellikleri, daglary, çeşme-çaýlary, sähralyklary wasp edilýär. Magtymguly öz ýakynlaryna, şol sanda söwer ýary Meňlä bolan söýgüsini hem şygyrlaryň üsti bilen beýan edipdir. Kitaba girizilen goşgularda parahatçylyk söýüjilik, tire-taýpalary bir başa jemlemek, duşmany ýazgarmak, il-günüň ykbaly hakyndaky aladalanmalar örboýuna galýar. Ikinji bölekdäki şygyrlarda bolsa şahyryň ýaşlara dogry ýoldan ýöremäge, ýagşyny ýaýyp, ýamany ýazgarmaga çagyryşlary beýanyny tapýar. Hut şeýle uly gymmata eýedigi üçinem türkmenleriň arasynda Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyna Gurhandan soňky ikinji mukaddes kitap hökmünde garalýar.

Ýeri gelende, täze kitap üçin terjimede ussadyň Hytaý barada agzaýan goşgularynyň bäşisini-de saýlap alandygymy bellemek isleýärin. Olarda biziň ýurdumyzyň ady «Çyn-Maçyn», «Hytaý», «Asman astyndaky ýurt» diýen ýaly görnüşlerde duş gelýär. Şol şygyrlardan görnüşi ýaly, şahyr Hytaýy dünýäde ägirt uly, kuwwatly döwletleriň biri hasaplapdyr. Magtymgulynyň ýaşan zamanasynda Hytaýy Sin nesilşalygyndan Imperator Sýanlun dolandyrypdyr we ol ýurduň gülläp ösen döwri bolupdyr. Şunlukda, türkmen nusgawy şahyrynyň Çyn-Maçyn baradaky garaýyşlary şol döwrüň hakykatyna laýyk gelýär. Şunda saýlanan eserleriň ýygyndysynda hytaýça bilen birlikde, goşgularyň türkmençe nusgalarynyň ýerleşdirilendigini hem nygtamak isleýärin. Bu çemeleşme türkmen dilini öwrenýän hytaýlylardyr türkmen dilçileri üçin amatly bolar diýip pikir edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny hytaýça terjime etmäge we täze ýygyndyny çapdan çykarmaga ýardam berenleriň ählisine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Geljekde biz şahyryň hemme goşgularyny terjime edip, Hytaýda magtymgulyşynaslyk ugruny esaslandyrmagy göz öňünde tutýarys».

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn