Türkmentelekom Bot

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça ýük daşamalaryň mukdary görnetin artdy


26.12.2024

Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran (HGTE) ugry boýunça ýük daşamalaryň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31 göterim ýokarlandy.

Bu barada Pekin şäherinde geçirilen HGTE-ni ösdürmäge bagyşlanan bilermenler duşuşygynda mälim edildi.

Gazagystanyň «KTZ Express» ulag-logistika kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, «nCa» portalynyň habar bermegine görä, duşuşykda degişli ugur boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlendi, şeýle-de mundan beýläkki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HGTE ugry boýunça ýük daşamalaryň mukdarynyň ýokarlanmagy bazara gatnaşyjylaryň oňa bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny tassyklaýar hem-de logistika hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini görkezýär.

Deňiz ýollary bilen deňeşdirilende ýükleri daşamaga sarp edilýän wagtyň azalmagy, ygtybarly infrastruktura, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň iň möhüm bazarlaryna göni çykmak mümkinçiligi HGTE-niň esasy artykmaçlyklarydyr.

Bilermenleriň duşuşygynyň dowamynda ýük daşamagyň tizligini ýokarlandyrmak, gümrük amallaryny kämilleşdirmek we logistika amallaryny ýönekeýleşdirmäge gönükdirilen häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly bu ugruň ösüşiniň esasy taraplaryna aýratyn üns berildi.

Bu ugur halkara söwdasyndaky esasy ulag geçelgeleriň biri hökmünde ösmegini dowam etdirýär diýlip, çeşmede bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn