Türkmentelekom Bot

Özbegistan Türkmenistandan gelen ýük ulaglary üçin giriş töleglerini ýokarlandyrdy


02.01.2025

2025-nji ýyl üçin Özbegistanyň döwlet býujeti baradaky kanunyna laýyklykda, hökümet respublikanyň çägine daşary ýurt ýük ulaglarynyň girmegi üçin töleg nyrhlaryny täzeden gözden geçirdi diýip, Spot.uz habar berýär.

Türkmenistanda hasaba alnan ýük ulaglary üçin ýük göterijiligine baglylykda täze nyrhlar kesgitlenildi:

  • 10 tonna çenli — $130 (öňki $50 ýerine)
  • 10-dan 20 tonna çenli — $180 (öňki $100 ýerine)
  • 20 tonnadan ýokary — $250 (öňki $150 ýerine)

Beýleki ýurtlardan gelen ulaglar üçin nyrhlar öňki derejesinde galdy:

  • Owganystan — $50
  • Täjigistan — $100-200 (ýük göterijiligine baglylykda)
  • Gazagystan we Gyrgyzystan — $300
  • beýleki ýurtlar — $400

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag edaralary, ulag hyzmatlary üçin tölegleri deň we aç-açan esasda almak barada ylalaşyk gazandylar. Bar bolan maglumata görä, 2025-nji ýyldan başlap iki ýurduň milli daşaýjylary üçin tölegler deňleşdiriler.

Şeýle hem ýurtlaryň arasynda elektron rugsatnama alyş-çalyş ulgamyny (E-Permit) ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle ulgamlaryň eýýäm Özbegistan, Türkiýe we Gazagystan bilen ýük daşamak ulgamynda işleýändigi habar berilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn