Türkmentelekom Bot

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň arasynda toplumlaýyn olimpiadasy geçiriler


03.01.2025

Türkmenistanda Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylaryň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler.

Olimpiadany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýarlar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar berşine görä, olimpiada Aşgabadyň, Arkadagyň we ähli welaýatlaryň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary gatnaşmaga çagyrylýar.

Olimpiada dört ders boýunça: taryh, matematika, türkmen dili we iňlis dili dersleri boýunça geçiriler.

Bäsleşigiň birinji tapgyry şu ýylyň 31-nji martynda aşakdaky okuw mekdeplerinde geçiriler:

• Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň okuwçylary üçin - Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda;
• Balkan welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Balkanabadyň nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;
• Daşoguz welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Türkmen oba hojalyk institutynda;
• Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
• Mary welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.

Birinji tapgyry üstünlikli geçenler 14-nji aprelde onlaýn görnüşinde test synagy arkaly geçiriljek jemleýji bäsleşige çagyrylar.

Olimpiada gatnaşmak isleýän mekdep okuwçylary 20-nji marta çenli hasaba alyş resminamasyny dolduryp, ony mailto:hgi.charetm@gmail.com elektron poçta arkaly guramaçylyk toparyna ibermelidirler.

Olimpiada hakyndaky düzgünnama we hasaba alyş resminamasynyň nusgasy gurnaýjy ýokary okuw mekdebiniň saýtynda ýerleşdirilendir. Bäsleşigiň geçiriljek wagty görkezilen tassyklama haty 28-nji marta çenli elektron poçta iberiler.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgisi boýunça habarlaşyp bilersiňiz: +99364037176.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn